Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tohumly çuwallary aglap göterip barýan, desselerini göterip, şatlyk bilen dolanar. Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr. Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar. Utanç deregine iki esse paý alarsyňyz, ryswalyk deregine mirasyňyzda şatlanarsyňyz; munuň üçin siz iki esse mülkli bolarsyňyz, ebedi şatlyk siziňki bolar. Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde. Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr. Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer». Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».
Выбор основного перевода