Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men açyk depelerden derýalar, dereleriň ortasyndan bulaklar akdyraryn; çöli köle, gury ýeri suwly çeşmelere öwrerin. Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin. Olar gidenden soňra Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän bir lal adamy getirdiler. Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi. Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy. Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi. Ýaňky adam şobada sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka Sabat güni bolup geçdi. Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy. Ol ýokary towusdy-da, ýöräp başlady. Onsoň Hudaýa alkyş aýdyp, ýöräp hem towsup, olar bilen birlikde ybadathana girdi.
Выбор основного перевода