Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar. Akylsyzyň akyly goýalar, sakaw açyk-aýdyň geplär. Çölleriň içi bilen äkidilende-de, suwsamandy olar, olar üçin gaýadan suw akdyrdy; Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy ondan. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. Isa oňa: «Tur, düşegiňi al-da, ýöre!» diýdi. Ýaňky adam şobada sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka Sabat güni bolup geçdi. Onsoň Isa ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasap, ony körüň gözüne sürtdi. Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi. Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşiderler, tümlük, garaňkylyk içinde körleriň gözleri açylar. şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy. Onuň ýanyna bir uly mähelle geldi, olaryň arasynda agsaklar, maýyplar, körler, lallar we ýene-de bir topar hassalar bardy. Olary getirip, Isanyň aýagynyň astynda goýdular. Ol hem bulary sagaltdy. Şunlukda, Isa habarçylara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär.
Выбор основного перевода