Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr. Men-de sizi gylyja niýetlärin, baryňyz gyrylmak üçin dyza çökersiňiz, çagyranymda jogap bermediňiz, geplänimde, gulak asmadyňyz, nazarymda ýigrenýän işlerimi etdiňiz, Maňa ýaramaýany saýladyňyz». «Ýahuda ýas tutýar, onuň şäherleri perýat edýär. Halky hasratdan ýaňa ýere çökdi, Iýerusalimiň perýady barha güýjeýär. Siona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar.
Выбор основного перевода