Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar: «Ýygnaň ýanyma sadyklarymy – gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy». Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela «Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin. Gurbanlyklaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlyklaryň dyngysyz Meniň öňümde. Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden, ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan. Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki. Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny, meýdan jandarlarynyň bary Meniňki. Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn, çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki. Öküzleriň etini iýýärinmi Men? Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men? Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et. Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda». Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär: «Parzlarymy agzamaga, ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar? Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen, sözlerimi ýele sowurýarsyň sen. Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň, zynahorlara şärikdeş bolýaň. Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy, seniň diliň düzýär hile-pirimi. Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň, öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň. Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma Men saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn. Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň, ýogsa Men sizi parça-parça ederin, sizi halas eden tapylmaz. Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar; Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin». Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar. «Eý, ysraýyl halky, Rebbiň sözüni eşit, çünki bu ýurtda ýaşaýanlar bilen Rebbiň dawasy bar. Sebäbi ýurtda wepalylyk-da, söýgi-de, Hudaýy tanamaklyk-da ýok. Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary, Rebbiň dawasyna gulak asyň! Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar, Ol Ysraýyl bilen haklaşar. Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar. Üzüm nahalyny Sen Müsürden getirdiň, milletleri kowup, ony oturtdyň. Sen onuň üçin taýýarladyň topragy, ol kök urup, doldurdy ýurdy. Daglar bürendi onuň saýasyna, äpet kedr daragty – şahalaryna. Ol deňze çenli uzatdy şahalaryny, derýa çenli – öz pudaklaryny. Emma her ötegçiniň onuň miwesini ýolup bileri ýaly, Sen onuň haýatlaryny näme üçin weýran eýlediň? Tokaý ýekegapany ony dagadýar, meýdan jandarlary ony gemirýär. Dolan, eý, Hökmürowan Hudaý! Göklerden sal Sen nazary, gör bu üzüm bagyny – eliň oturdan bu nahalyny, Özüň üçin kuwwatlandyran ynsan ogluňy. Olar ony otda ýakdylar, ony çapdylar. Goý, olar Seniň gazaply bakyşyňdan ýitip gitsinler. Emma kömek et sagyňdaky ynsana Sen ony Özüň üçin getirensiň kemala Şonda ýüz öwürmeris Senden hiç haçan; bize ýaşaýyş ber, çagyrarys Seniň adyňy. Bizi dikelt, ýa Hökmürowan Hudaýymyz Reb! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly. Adalatsyz parzlary çykarýanlaryň dat gününe! zorluk permanyny ýazýanlaryň waý halyna! Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz, ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz, dul hatynlary awlaýarsyňyz, ýetimler oljaňyz bolýar. Köp çopanlar üzüm bagymy weýran etdiler, ekin meýdanymy depeläp tozdurdylar, ajaýyp mellegimi takyr çöle öwürdiler. Onsoň sizi halklaryň çölüne getirip, ýüzbe-ýüzleşip, size höküm çykararyn. Müsür çölünde ata-babalaryňyza nähili höküm çykaran bolsam, size hem şeýle höküm çykararyn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. «Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr. Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň. Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz. Bugdaý ýerine onuň kepegini satyp, garyplary kümşe, mätäji bir jübüt çaryga satyn alarys». Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler. Men-Mika diýdim: «Gulak goý, eý, Ýakup nesliniň baştutanlary, Ysraýyl halkynyň hökümdarlary! Adalaty bilmeli siz dälmi näme? Siz ýagşylygy ýigrenip, ýamanlygy söýýärsiňiz, halkymyň hamyny soýup, süýeginden etini sypyrýarsyňyz. Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz». «Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär. Men hakyky üzüm agajydyryn we Atam bagbandyr. Ol Meniň miwe bermeýän her bir şahamy kesip taşlaýar, miwe berýänini bolsa tämiz bolar ýaly we köp miwe berer ýaly timarlaýar. Meniň size aýdan sözüm arkaly siz bireýýäm tämizsiňiz. Mende ýaşaň, Men hem sizde ýaşaýyn. Üzüm agajyndan aýrylan şaha öz-özünden miwe berip bilmeýşi ýaly, Menden aýrylsaňyz, siz hem miwe berip bilmersiňiz. Men üzüm agajydyryn, siz şahalarsyňyz. Kim Mende, Menem onda ýaşasam, ol bol miwe berer. Siz Menden üzňe hiç zat edip bilmersiňiz. Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar. Mende mesgen tutup, sözlerimi ýüregiňizde saklasaňyz, näme dileseňiz, size berler. Siz köp miwe berip, Meniň şägirtlerimdigiňizi görkezersiňiz. Bu arkaly Atam şöhratlanar. Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?
Выбор основного перевода