Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi çörekden kesenimde, on aýal diňe bir tamdyrda çörek ýapar. Olar çöregiňizi size ölçäp bererler. Siz ondan iýersiňiz, ýöne doýmarsyňyz. Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik. Hökmürowan Rebbiň bir güni bar, şol gün ähli tekepbirleri, gedemleri, ähli beýgeldilenleri peselder, Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr». Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi». Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy. Soňra Ol sözüni dowam edip, maňa: «Eý, ynsan ogly! Men Iýerusalimde olary bir döwüm çörege zar ederin. Olar çöreklerini gorky içinde bellenen agramda iýerler we suwlaryny howp astynda ölçeg bilen içerler. Açlygyň ölüm oklaryny ýollanymda, olar sizi weýran etsinler diýip ýollaryn. Üstüňizdäki açlygy has-da artdyraryn, bir döwüm çörege zar ederin. «Eý, ynsan ogly! Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp, olary bir döwüm çörege zar ederin. Üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn.
Выбор основного перевода