Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik. Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler. Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez. Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner. Bütin Ysraýyl Seniň kanunyňy bozup azdy we Seniň sözüňe gulak asmakdan boýun gaçyrdy. Şeýdip, Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylan nälet başymyzdan indi we kasam ýerine ýetdi. Sebäbi biz Saňa garşy günä etdik. Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr. Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz. Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enelerine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp ýok etmerin».
Выбор основного перевода