Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ondan göterim alyp, peýda görjek bolma. Hudaýyňyzdan gork. Goý, olar siziň araňyzda ýaşasyn. Kömege mätäje karz alan pulundan artyk töletme ýa-da peýda görmek üçin iýmiti oňa ýokary bahadan satma. Ysraýyl doganyňyza pul, azyk, beýleki zatlary peýda görmek niýeti bilen karz bermäň. Peýda görmek üçin keseki ýurtla karz berseňiz bolar, emma öz ysraýyl doganyňyza karzy peýda görmek üçin bermäň. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň mülk edinjek ýurduňyzda etjek ähli işleriňize bereket berer. Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy; müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn, çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär. Halka nähili bolan bolsa, ruhanylara-da şeýle bolar. Men olaryň tutan ýollary üçin jeza bererin. Eden işleriniň öwezini gaýtararyn.
Выбор основного перевода