Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz. Mundan beýläk gündizine Gün yşygyň bolmaz, gijesine Aý saňa yşyk bermez; çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, şöhratyň öz Hudaýyň bolar. Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar. Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin». Şol gün yşyk bolmaz, asmandaky yşyk çeşmeleri doňar. Ol diňe Rebbe aýan bolan aýratyn bir gün bolar. Ol ne gündize meňzär, ne-de gijä; agşamyna ýagty bolar. Siz bolsa Sion dagyna, diri Hudaýyň şäheri bolan göge degişli Iýerusalime, şagalaňly üýşmeleňe ýygnanan müňlerçe perişdeleriň huzuryna golaýlaşdyňyz. Şäheri ýagtylandyrmak üçin Gün ýa-da Aý gerek däl. Çünki şäheri Hudaýyň şöhraty ýagtylandyrýar, Guzy hem onuň çyrasydyr.
Выбор основного перевода