Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şazadalaryň ruhuny syndyrýan Oldur, ýer ýüzüniň şalaryna wehimli Oldur. Şonuň üçin doýmagy bilmeýän ölüler dünýäsi agzyny giňden açdy; Iýerusalimiň at-abraýlylary, köplügi, şowhunçylary, şady-horramlary bu dünýä girerler, Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn». Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar. Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň. Patyşalaryň, müňbaşylaryň, güýçli söweşijileriň läşini, atlaryň we atlylaryň läşini, erkinleriň we gullaryň läşini, kiçileriň we ulularyň läşini iýmäge toplanyň!» Onsoň men jandary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar ata atlanyp Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşmek üçin üýşüpdirler. Emma jandar we onuň bilen bile galp pygamber ýesir alyndy. Bu galp pygamber jandaryň adyndan alamatlar görkezerdi, jandaryň tagmasyny özüne basdyryp, onuň heýkeline sežde edenleri aldardy. Jandar-da, galp pygamber-de diriligine ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Galanlary bolsa ata atlanyp Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Guşlaryň hemmesi bularyň läşinden doýdy.
Выбор основного перевода