Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy. Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!» Sen galkarsyň, Siona rehim edersiň, çünki oňa merhemet etmek wagtydyr; ýetip geldi bellenen wagt. Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň. Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler. Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa. Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn». Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar. Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler». Şol wagtlar siz Mesihden aýrydyňyz, Ysraýyl raýatlygyndan mahrumdyňyz, Hudaýyň wada berip, Öz halky bilen eden ähtleri size degişli däldi. Siz bu dünýäde Hudaýsyz we umytsyzdyňyz, indi bolsa Isa Mesihe degişlisiňiz. Siz birwagtlar Hudaýdan uzakdyňyz, indi bolsa Isa Mesihiň döken gany arkaly Oňa ýakynsyňyz. Hakykatdanam, Mesihiň Özi biziň parahatlygymyzdyr. Ol Öz janyny gurban edip, bu iki topary bir etdi, olaryň arasyndaky duşmançylyk diwaryny ýykyp taşlady. Ol Töwradyň kanunlaryny we däp-dessurlaryny ýatyrdy-da, iki halky birleşdirip, täze bir halk ýaratdy we parahatçylygy berkarar etdi. Ol haçdaky ölümi arkaly duşmançylygy ýok etdi we iki topary bir beden kimin edip, olary Hudaý bilen ýaraşdyrdy. Mesih gelip, Hudaýdan uzakda bolan size we golaýda bolan ýahudylara bu parahatlyk Hoş Habaryny yglan etdi. Indi Mesihiň üsti bilen biziň hemmämiz bir Ruh arkaly Atanyň huzuryna baryp bilýäris. Şeýlelikde, eý, ýahudy däller, siz mundan beýläk keseki-de, gelmişek-de dälsiňiz. Siz indi Hudaýyň mukaddes halkynyň raýatysyňyz we Hudaýyň maşgalasynyň agzasysyňyz.
Выбор основного перевода