Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin Rebbiň gazaby Öz halkyna garşy lowlaýar, elini olara garşy uzadyp, jeza berýär; daglar titreşýär, maslyklary zibil kimin köçelerde ýatyr, Şonda-da Onuň gazaby köşeşmändi, eli entek hem jeza bermäge taýyn. „Bu ýerde näme işiň bar? Özüňe gabyr gazar ýaly kimiň bar? Özüňe belentde gabyr gazýarsyň, gaýada özüňe dynç ýer edinýärsiň. Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup, aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň. Ölüleri daşary taşlanar, maslyklarynyň ysy ýaýrar, daglardan olaryň gany akar. Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“. Olar şäheriň içine girenlerinde, Netanýanyň ogly Ysmaýyl bilen onuň ýanyndaky adamlar olary öldürip, gurruk guýa taşladylar. Ysmaýyl öldüren adamlarynyň jesetleriniň baryny gurruk guýa taşlady. Muny öň Asa patyşasy Ysraýyl patyşasy Bagşadan goranmak üçin gazdyrypdy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl ony adam jesedinden doldurdy.
Выбор основного перевода