Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, milletlere elim bilen yşarat ederin, halklara baýdagymy galdyraryn; olar ogullaryňy gujaklarynda getirerler, gyzlaryňy gerişlerinde götererler. Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşyş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy. Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa. Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar. Kesekiler gelip, sürüleriňizi bakarlar, ýat halklar daýhanyňyz, bagbanyňyz bolar. Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler. Ýöne Sion dagynda jezadan halas galanlar bolar we Sion dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar. Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.
Выбор основного перевода