Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dünýä şekilsiz boşlukdy, suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy. Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. içimde janym, burnumda Hudaýyň demi barka, Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen. Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň. Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“». Ol ynsan eliniň hyzmatyna mätäç däl, Ol hiç zada zar däl, sebäbi her bir ynsana ýaşaýyş, dem we ähli zady berýän Onuň Özüdir.
Выбор основного перевода