Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý ynsan däl ahyryn, ýalan sözlär ýaly. Ol adam ogly däl, pikirini üýtgeder ýaly. Heý, Onuň beren wadasynyň, aýdan sözüniň bitmedigi barmy? Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Lepbeý!» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy. Reb: «Şamuwel!» diýip, ony ýene çagyrdy. Şamuwel ýene turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa ýene: «Men seni çagyramok ahyryn, oglum, bar, ýatyber» diýdi. Şeýle hem, Ysraýyl Şöhraty ýalan sözlemez ýa-da pikirini üýtgetmez. Çünki Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir». Ynsanyň janyny gabyrdan gutarjak bolup, Olara şatlykly durmuş berjek bolup, Hudaý bu zatlary öwran-öwran gaýtalaýar. Hudaý maňa aýtdy, men gaýta-gaýta eşitdim muny: gudrat Hudaýdadyr.
Выбор основного перевода