Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut Natana: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýdi. Natan Dawuda: «Reb seniň günäňi geçdi; sen ölmersiň. ine, şonda Gudratygüýçlüden göwnühoş bolarsyň, Hudaýa ýüz tutarsyň. Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, sen hudaýýolularyňy berersiň. Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi. Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin, oýanan wagtym didaryňdan doýaryn. Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda». Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol. Onsoň dileg edersiňiz, Reb jogap berer; perýat edersiňiz, Ol: «Men bu ýerde» diýer. Araňyzdan boýuntyrygy, barmak çommaltmagy, ýaman gepleri aýyrsaňyz, Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl“ diýýär. Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň. Baga bakylan göläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar. Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.
Выбор основного перевода