Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler. Rebden gorkmak – danalyk başy, muny amal edýänleriň düşünjeleri dogry. Onuň senasy dowam edýär asyrlarboýy. Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmaklyk; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler. Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil. Danalygyň başlangyjy Rebden gorkmakdyr. Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr. Akylly adam ýamanlykdan gorkup gaça durýandyr, akmak bolsa hetdenaşa batyrsyrap, soňuny saýmaz. Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar. Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;
Выбор основного перевода