Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb owal başda meni emele getirdi, Onuň eden işleriniň ilkinjisi mendim. Gadymyýetde, Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim. Düýpsüz suwlar ýokka, bol suwly çeşmeler ýokka doguldym. Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy. Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy. Hudaý gökleri berkarar eden mahaly, düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim. Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda, suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly, bir ussa ýaly men Onuň ýanyndadym. Her gün Onuň begenjidim, Onuň huzurynda elmydam şatlanýardym. Onuň tutuş dünýäsinden şatlandym, ynsan ogullaryna begendim.
Выбор основного перевода