Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber. Hiç kimiň degirmenini ýa-da degirmen daşyny girewine almaň, çünki bu onuň durmuşyny girewine aldygyňyz bolar. Gelmişege ýa-da ýetime höküm edilende, egrilik etmäň. Duluň geýimini girewine almaň. Ýetimleriň eşegini ogurlap äkidýärler, dul hatynyň öküzini girew alýarlar. Gije eşiksiz, ýalaňaç ýatýarlar, sowukda ýapynmaga ýorganlary ýok. Süýtden aýrylmadyk ýetim çaga ogurlanýar, garybyň çagasy girew alynýar. Çöregiňi aç bilen paýlaşyp, öýsüz garyby öýüňe getirmek üçin dälmi? Ýalaňajy görende, oňa eşik berip, garyndaşlaryňyzdan kömegiňizi gaýgyrmazlyk üçin dälmi? Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer. Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder. Hiç kime zulum etmez, girew almaz, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer,
Выбор основного перевода