Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb: «Eger-de Sodom galasyndan elli sany bigünä adam tapsam, onda Men olaryň hatyrasyna tutuş galany diri galdyraryn» diýdi. Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady. Reb Eýýup bilen gürrüňini tamamlandan soň, teýmanly Elipaza ýüzlenip, şeýle diýdi: «Meniň saňa we seniň beýleki iki dostuňa garşy gazabym lowlaýar, çünki siz gulum Eýýup ýaly Men barada hakykaty sözlemediňiz. Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz». Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady. Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda. Elleri päk, ýüregi-de ak, köňlüni galplyga gönükdirmeýän, hile bilen kasam etmeýän ynsan. Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,
Выбор основного перевода