Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin. Ertir bilen agşam aralygynda ýitirim bolýarlar, hiç kimiň gözüne ilmän ebedi ýok bolýarlar. Öýlerine gaýdyp gelmezler, öz mekanlary olary tanamaz. Eger ýerlerinden goparylsa, ýer inkär edip: „Seni görmedim“ diýer. Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, adamzat jan berip, ýitirim bolýar. Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. Olar Endorda heläk edildi, olar topragyň dökünine öwrüldi. Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.
Выбор основного перевода