Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn. Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi». Ine, Men seni tanap bilen baglaryn, sen gabaw günleriňi tamamlaýançaň, bir gapdalyňdan beýleki gapdalyňa öwrülip bilmersiň. Bugdaý, arpa, noýba, merjimek, dary we çowdary alyp, bir gaba guý-da, olardan özüňe çörek bişir; gapdalyňa gyşarjak günleriň sanyna görä üç ýüz togsan günläp ondan iý. Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň. Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da, höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da, ol ýerden Men seni aşak düşürerin!» Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода