Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Erbetlik bilen gazanylan baýlygyň peýdasy ýokdur, dogrulyk bolsa ölümden halas edýändir. Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar. Rahatlykdaky bir döwüm gury nan dawadan doly jaýdaky meýlisden gowudyr. Baýlyk betbagtçylyk bilen ýok bolup gitdi. Çagalary bolsa-da, olara bermäge hiç zat galmaz. Enesinden nähili doglan bolsa, bu dünýäden şeýle-de gider. Zähmetinden hiç bir zady elinde göterip, özi bilen äkidip bilmez. Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýärler, adalat ýokdur ýodalarynda, özlerine egri ýollar etdiler, ol ýollardan ýöreýänler parahatlygy bilýän däldirler. Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz. Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.
Выбор основного перевода