Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar. Garaňkylykdan gaçyp bilmezler, pudaklaryny ýalyn ýok eden agaç kimin bolarlar, Hudaýyň demine ýok bolarlar. Wagtyndan öň işi gaýdar, pudaklary gögermez. Oduň sypaly ýalmaýşy kimin, gury otuň alaw içinde aşak çöküşi kimin, olaryň köki-de şeýle çüýrär, gülleri tozan kimin göge sowrular; çünki olar Hökmürowan Rebbiň kanunyny ret etdiler, Ysraýylyň Mukaddesiniň sözüni äsgermediler. «Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň. Ne däne, ne şerap size ýeter. Siziň täze şeraba bolan umydyňyz puja çykar. Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz. Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez. Baýramçylyk gününde, Rebbe dabara gününde näme edersiňiz? Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Memfis şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter. Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar. Pygamber meniň Hudaýymyň Efraýymda goýan garawulydyr. Ýöne onuň ugran ýollarynda duzak gurdular. Hudaýyň öýünde-de oňa ýigrenç bar. Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar. Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular. Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwrede çaga galar. Çagalaryny ýetişdirse-de, balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, olaryň dat gününe! Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek». Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber. Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler. Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek». Men bolsa Ysraýylyň öňünden amorlary ýok etdim. Boýlary kedr agajy deý uzyn, dub agajy kimin güýçli bolsa-da, olaryň ýokardan miwesini, aşakdan köküni gyrdym. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.
Выбор основного перевода