Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma pisler umytdan el üzerler, gaçara ýerleri bolmaz olaryň, umyt uçgunlary söner». Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler. Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler; aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar. Olara düýpsüz dowzahyň perişdesi hökümdarlyk edýärdi. Bu perişdäniň ady ýewreýçe Abaddon, grekçe bolsa Apolliýondyr.
Выбор основного перевода