Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz. Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler. Ok içlerinden böwsüp geçer, ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, üstlerine howp abanar. Olary gorky basýar sil kimin, gijesine tüweleý uçuryp äkidýär. Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar. Ertesi säher bilen Paşhur Ýermeýany kündeden boşadanda, Ýermeýa oňa şeýle diýdi: «Reb seni Paşhur däl-de, Magor Misabyp diýip atlandyrdy.
Выбор основного перевода