Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyňyz Reb Özüniň söz berşi ýaly, siziň ýerleriňizi giňeldende, seniň et iýesiň gelip: „Men et iýjek“ diýseň, sen islän wagtyň et iýip bilersiň. Aşur patyşasy ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Gozandaky Habor derýasynyň ýakasynda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Ýesirlige berdi Äht sandygyny, duşmanlaryň eline – Öz şöhratyny. Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, Seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar. Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň. Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.
Выбор основного перевода