Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy. Kyrk gije-gündizläp, ýer ýüzüne dynman ýagyş ýagdy. Şol gün Nuh, onuň ogullary Sam, Ham, Ýafes, Nuhuň aýaly hem-de gelinleri gämä mündüler. Ähli haýwanlar, mallar, süýrenijiler we guşlar – ähli ganat-perliler hersi öz taýyna görä, burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. Ähli haýwanlar, mallar, süýrenijiler we guşlar – ähli ganat-perliler hersi öz taýyna görä, burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň hemmesi jübüt-jübüt bolup, Nuh bilen gämä mündüler. Ähli erkek hem urkaçy janly-jandarlar Hudaýyň Nuha buýruşy ýaly gämä mündüler. Onsoň Reb gäminiň gapysyny ýapdy. Ýer ýüzünde sil kyrk gün dowam etdi. Suw gitdigisaýy joşdy we gämi ýerden ýokary göterildi. Ýerde suw joşup, juda köpeldi; gämi suwda ýüzüp ýördi. Suw ýerde şeýle bir joşdy welin, hatda ýer ýüzündäki bar belent daglar-da suwuň aşagynda galdy. Suw daglaryň depesinden on bäş tirsek ýokary galdy; daglaryň üsti suw bilen örtüldi. Ýer ýüzünde hereket edýän janly-jandarlaryň ählisi, guşlar-da, mallardyr haýwanlar-da, süýrenijilerdir ynsanlar-da ýok boldular. Gury ýerdäki burnunda dirilik nepesi bolan janly--jandarlaryň hemmesi öldi. Reb ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlary süpürip taşlady; ynsanlar, mallar, haýwanlar, süýrenijiler we guşlar ýer ýüzünden süpürilip taşlandy. Diňe Nuh we onuň ýanyndakylar diri galdylar. Tutuş ýer ýüzüni ýüz elli günläp sil aldy. Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz. Saňa garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem öz günäleri üçin toba gelseler, Ýokarky otagyny gökde bina edýän, gümmezini ýeriň ýokarsynda gurýan, deňziň suwlaryny bir ýere ýygnap, suwlary ýer ýüzüne dökýän Oldur. Onuň ady Rebdir.
Выбор основного перевода