Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
içimde janym, burnumda Hudaýyň demi barka, Hudaýyň Ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär. Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz. Biz Onuň bilen ýaşaýandyrys, hereket edýändiris we bardyrys. Käbir şahyrlaryňyzyň aýdyşy ýaly: „Biz Onuň zürýadydyrys“.
Выбор основного перевода