Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň. «Müsürlileri biri-birine garşy öjükdirerin, dogan doganyň garşysyna, goňşy goňşusynyň garşysyna, şäher şäheriň garşysyna, patyşalyk patyşalygyň garşysyna urşar. Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar. Müsürlileri zalym hojaýynyň eline bererin, rehimsiz patyşa höküm sürer üstlerinden». Muny Hökmürowan Taňry Reb aýdýandyr. Nilde suw galmaz, derýa çekiler, gurar. Onuň ýaplary porsar, takyrar, gurar Müsür çeşmeleri, gamyşlar, gargylar çüýrär. Niliň töweregindäki, ýakasyndaky çaýyrlar, onuň boýundaky bar ekinler gurap, sowrulyp, ýok bolup giderler. Balykçylar ýas tutarlar, Nile çeňňek taşlaýanlar aglaşarlar, suwa tor atýanlaryň susty basylar. Zygyrdan mata dokaýanlar lapykeç bolarlar, ak biz dokaýanlar umytdan düşerler. Onuň dokmaçylary howsala düşerler, ähli hakyna tutulanlar gam çekerler. Zogan şäheriniň hökümdarlary akmakdyr! Faraonyň paýhasly maslahatçylary pähimsiz maslahat berýärler, siz faraona nädip: «Men akyldarlaryň ogludyryn, gadymy şalaryň neslidirin» diýip bilýärsiňiz? Hany, nirede seniň akyldarlaryň? Goý, saňa aýtsynlar olar, Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy näme niýetländigini aýan etsinler. Zoganyň hökümdarlary akmaklyk etdiler! Memfisiň baştutanlary aldandylar, tire baştutanlary Müsüri azaşdyrdylar. Reb akyly çaşyrýan ruhlary iberdi, serhoşuň öz gusugynyň üstünde yranyşy deý, olar müsürlileri bar işinde azaşdyrdylar. Müsüriň hiç kime dady ýetmez, ne baş, ne guýruk, ne palma şahasy, ne-de gamyş oňa ýardam eder. Şol gün müsürliler aýal ýaly bolup, Hökmürowan Rebbiň özlerine garşy el galdyrar gorkusyndan ýaňa titreşerler. Ýahuda ýurdy müsürlilere howp salar. Ýanynda Ýahudanyň ady agzalan her kes Hökmürowan Rebbiň Müsüre garşy taýynlaýan kararyndan gorkar. Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner. Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.
Выбор основного перевода