Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Näme üçin lybasyň gyrmyzy, eşigiň üzüm sykýanyňky kimin? «Üzümi ýeke sykdym, ýanymda halklardan hiç kim ýokdy; gaharlykam sykdym üzümi, gazaplykam aýak astyna aldym; onuň gany eşiklerime syçrady, bar lybasymy hapalady. Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm». Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler. Men halkymyň öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda». bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär. Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir. Siz oraga ýene dört aý bar diýmeýärsiňizmi? Emma Men size diýýärin, başyňyzy galdyryň-da, ekin meýdanlaryna serediň, olar eýýäm oraga taýýar. Ybadathanadan çykan başga bir perişde buludyň üstünde Oturana batly ses bilen şeýle diýdi: «Oragyňy işlet-de, or! Orak wagty ýetip geldi, sebäbi ýeriň hasyly ýetişdi». Buludyň üstünde Oturan oragyny ýer ýüzünde işletdi. Şeýdip, ýeriň hem hasyly oruldy. Gökdäki ybadathanadan başga bir perişde çykdy. Onuň hem ötgür oragy bardy. Soňra gurbanlyk sypasyndaky oda gözegçilik edýän başga bir perişde sypadan çykyp, ötgür orakla batly ses bilen şeýle diýdi: «Sen-de ötgür oragyňy işlet. Ýerdäki üzüm agajyndaky salkymlary ýyg, çünki üzüm bişipdir». Perişde oragyny ýeriň ýüzünde işletdi-de, ondaky üzüm salkymlaryny ýygyp, Hudaýyň üzüm sykýan uly gahar-gazap çukuryna taşlady. Salkymlar şäheriň daşyndaky çukurda sykyldy. Gan çukurdan çogup çykdy-da, at uýanynyň derejesine galyp, üç ýüz çakrym aralyga ýaýrady.
Выбор основного перевода