Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3
Параллельные места
Uly gyrgynçylyk gününde, diňler ýykylanda, her beýik dagda, her belent baýyrda akar suwly çeşmeler bolar. Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar; Soňra ol adam meni öwrüp, Hudaýyň öýüniň girelgesine getirdi. Öýüň bosagasynyň aşagyndan gündogara tarap suw akýardy. Öý gündogara tarap bakýardy. Suw öýüň sag tarapyndan, gurbanlyk sypasynyň günortasyndan inýärdi. Soňra ol meni demirgazyk derwezesiniň ýoly bilen ýüzi gündogara bakyp duran daşky derwezä alyp geldi, suwlar daşky derwezäniň günorta tarapyna akýardy. Ýaňky adam eli ölçeg ýüpli gündogara tarap çykanda, müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw topuga çykýardy. Ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw dyza çykýardy; ýene müň tirsek ölçäp, meni suwdan geçirdi; suw bile çykýardy. Ol ýene müň tirsek ölçedi; suw bir derýa boldy. Suw ýokary göterilendigi sebäpli men onuň içinden geçip bilmedim. Ondan ýüzüp geçäýmeseň, ýöräp geçip boljak däldi. Ol maňa: «Gördüňmi, eý, ynsan ogly?» diýdi. Onsoň meni derýanyň kenaryna öwrüp getirdi. Öwrülip gelenimde, ine, derýanyň kenarynyň her ýan tarapynda köp agaçlar bardy. Ol maňa şeýle diýdi: «Bu suwlar gündogardaky ülkelere tarap akýar we Iordan deresine inip, deňze guýanda, deňziň ýata suwlary süýji suwa öwrüler. Bu şeýle bolar: derýanyň akyp baran ýerlerinde dürli-dümen suw jandarlarynyň ählisi diri galar. Ol ýerde balyk köp bolar, bu suwlar ol ýere akyp barar. Olar tämizlenip, derýanyň akyp baran ýerindäkileriň bary diri galar. Deňziň kenarynda balykçylar durarlar; tor taşlanan ýer Eýngediden Eýneglaýyma çenli bolar. Olaryň balyklary dürli-dürlülikde Ortaýer deňziniň balyklary kimin gaty köp bolar. Ýöne onuň palçyk we batgalyk ýerleri tämizlenmez; olar duz üçin galdyrylar. Derýanyň boýunda, onuň ýakasynyň ikiýan tarapynda her hili miweli agaçlar gögerer. Suwlaryň mukaddes öýden çykýandygy sebäpli olaryň ýapraklary solmaz, miweleri tükenmez; her aý täze miwe bererler. Olaryň miweleri iýmit, ýapraklary derman bolar». Ine, şeýle günler geler – Hökmürowan Reb diýýär, ýer sürýän orak orýanyň yzyndan ýeter, üzüm sykýan ekiş döwrüne çenli işini gutarmaz, şirin şerap daglardan damar, bütin depelerden-de joşup akar. Halkym Ysraýyla öňki abadançylygyny gaýtararyn, ýumrulan şäherleri dikeldip, olarda mesgen tutarlar, üzüm baglaryny oturdyp, olaryň şerabyny içerler, bag-bakjalar ekip, olaryň miwesini iýerler. Men olary öz topragynda oturdaryn, Meniň özlerine beren topragymdan indi olar hiç haçan çykarylmaz. Muny Hudaýyňyz Reb aýdýandyr. Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder. Soňra perişde maňa aýna ýaly ýalpyldaýan derýany görkezdi. Bu derýada ýaşaýyş suwy akýardy. Ol Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykyp gaýdýardy.
Выбор основного перевода