Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin. Eger siz Maňa gurbanlyk sypasyny daşdan ýasasaňyz, ony ýonulan daşlardan ýasamaň, çünki gural ulansaňyz, siz ony harama çykararsyňyz. Şol ýerde Hudaýyňyz Rebbe daşdan gurbanlyk sypasyny guruň, daşlary taýýarlanyňyzda demir gurallar ulanmaň. Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan ýasalsyn. Soňra onuň üstünde Hudaýyňyz Rebbe ýakma gurbanlygyny beriň.
Выбор основного перевода