Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler. Soňra amalekler gelip, Repidimde ysraýyllar bilen söweşdi. Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi. Ýeşuwa Musanyň aýdyşy ýaly, amalekler bilen söweşdi. Musa, Harun we Hur bolsa depäniň üstüne çykdylar. Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi. Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Olar tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular. Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi. Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi. Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa: «Reb meniň tugumdyr!» diýip at berdi. Ýeşuwa bolsa tä Aýyň ähli ilatyny bütinleý ýok edip gutarýançalar, uzadan naýzaly elini aşak goýbermedi. Elýaşa agyr keselläp ýatyrdy. Onuň ölmeli pursady golaýlanda, Ysraýyl patyşasy Ýehowaş Elýaşanyň halyny soramaga geldi. Ol: «Eý, atam, atam! Ysraýylyň söweş arabalary bilen söweş arabaly esgerleri!» diýip, sesli aglady. Elýaşa Ýehowaşa: «Ýaýy hem oklary al» diýdi. Ýehowaş ýaý bilen oklary aldy. Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Ýaýy çek» diýdi. Ýehowaş onuň aýdyşy ýaly ýaýy çekdi. Elýaşa ellerini patyşanyň elleriniň üstünde goýdy. Soňra ol Ýehowaşa: «Gündogar tarapdaky penjiräni aç» diýdi. Ýehowaş ol penjiräni açdy. Elýaşa Ýehowaşa: «At» diýdi. Ýehowaş atdy. Onsoň Elýaşa Ýehowaşa ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu Rebbiň ýeňiş okudyr, Siriýanyň üstünden ýeňiş okudyr! Sen Apekde siriýalylara garşy urşup, olary iň soňkusyna çenli gyryp ýok etmelisiň». Elýaşa dowam edip, Ýehowaşa: «Oklary al» diýdi. Ol hem oklary aldy. Elýaşa Ysraýyl patyşasyna: «Oklary ýere ur» diýdi. Ýehowaş hem oklary ýere üç gezek urdy-da saklandy. Onsoň Hudaýyň adamynyň oňa gahary gelip: «Sen bäş ýa-da alty gezek urmalydyň, şonda siriýalylary soňuna çenli gyrardyň. Indi sen Siriýany diňe üç gezek ýeňersiň» diýdi.
Выбор основного перевода