Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin. Eger siz Maňa gurbanlyk sypasyny daşdan ýasasaňyz, ony ýonulan daşlardan ýasamaň, çünki gural ulansaňyz, siz ony harama çykararsyňyz. Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýurduna giren günüňiz, uly daşlary dikip, olara hek çalyň. Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň. Şeýlelikde, siz Iordandan geçeniňizde, meniň bu günki buýruşym ýaly, şol daşlary Eýbal dagynda dikip, olara hek çalyň. Şol ýerde Hudaýyňyz Rebbe daşdan gurbanlyk sypasyny guruň, daşlary taýýarlanyňyzda demir gurallar ulanmaň. Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan ýasalsyn. Soňra onuň üstünde Hudaýyňyz Rebbe ýakma gurbanlygyny beriň. Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp, salamatlyk gurbanlygyny beriň, ony şol ýerde iýiň. Bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň».
Выбор основного перевода