Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa elini göterip duranda, ysraýyllar ýeňýärdi, elini aşak goýberende bolsa, amalekler ýeňýärdi. Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Olar tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular. Şonda Reb Ýeşuwa: «Eliňdäki naýzany Aý galasyna tarap uzat, sebäbi Men ony seniň eliňe berjek» diýdi. Şeýlelikde, Ýeşuwa elindäki naýzasyny gala tarap uzatdy.
Выбор основного перевода