Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy. Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy. Lewi ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat, Merary. Uruglaryna görä Gerşonyň ogullarynyň atlary şulardyr: Libni we Şimgi. Uruglaryna görä Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Uruglaryna görä Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Kowumlaryna görä lewi uruglary şulardyr. Şeýlelikde, ysraýyllar Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, bu galalary öri meýdanlary bilen birlikde lewilere bije boýunça paýlap berdiler. Şu sanalan on üç gala öri meýdanlary bilen bile Harun ruhanynyň nesillerine berildi.
Выбор основного перевода