Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Lewileriň öz topraklarynda mesgen tutan ýerleri şulardyr: kohat urugyndan bolan Harunyň ogullarynyň bijesi çykyp, olara Ýahudadaky Hebrony hem-de onuň töweregindäki öri meýdanlary berdiler. Lewileriň öz topraklarynda mesgen tutan ýerleri şulardyr: kohat urugyndan bolan Harunyň ogullarynyň bijesi çykyp, olara Ýahudadaky Hebrony hem-de onuň töweregindäki öri meýdanlary berdiler. Ýöne ol galanyň ekin meýdanlarydyr obalary Ýepunnäniň ogly Kalebe berildi. Harunyň ogullaryna gaçybatalga galalary bolan Hebron we Libna öri meýdanlary bilen bile, Ýatyr we Eştemowa öri meýdanlary bilen bile, Hilen öri meýdanlary bilen bile, Debir öri meýdanlary bilen bile, Aşan we Beýtşemeş öri meýdanlary bilen bilelikde berildi. Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görä on üçdür. Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi. Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler. Rebbiň buýruşy ýaly, Ýeşuwa ýahuda tiresiniň mülk ýerindäki Kirýatarbany, ýagny Hebrony Ýepunnäniň ogly Kalebe berdi. Bu ýer Anagyň atasynyň hatyrasyna Kirýatarba diýip atlandyrylypdy. Kalep ol ýerden anaklaryň üç urugyny: Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy çykaryp kowdy. Bular Anagyň nesilleridir. Şeýlelik bilen, olar Naftaly daglygynda Jelilede Kedeş galasyny, Efraýym daglygynda Şekemi we Ýahuda daglygynda Kirýatarbany (Hebrony) bellediler.
Выбор основного перевода