Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýle hem Iordan derýasynyň aňyrsyndan Ýerihonyň gündogarynda olar ruben tiresinden düzlükdäki çölde ýerleşýän Beseri, gat tiresinden Gilgatdaky Ramody, manaşa tiresinden Başandaky Golany bellediler. Gerşon urugy hem bije atyşykda ysakar, aşer, naftaly tirelerinden we Başandaky manaşa tiresinden özlerine on üç gala aldylar. Gerşonlara: gündogardaky manaşa tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Başandaky Golany we öri meýdanlary bilen bilelikde Aştaroty; ysakar tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Daberaty, öri meýdanlary bilen bilelikde Ramody, öri meýdanlary bilen bilelikde Anemi; aşer tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Maşaly, öri meýdanlary bilen bilelikde Abdony, öri meýdanlary bilen bilelikde Hukogy, öri meýdanlary bilen bilelikde Rehoby; naftaly tiresinden: öri meýdanlary bilen bilelikde Jeliledäki Kedeşi, öri meýdanlary bilen bilelikde Hammony, öri meýdanlary bilen bilelikde Kirýataýymy berdiler.
Выбор основного перевода