Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gazabymy olaryň üstüne döküp, gaharym ýatyşandan soň, Men köşeşerin. Olara gahar-gazabymy dökenimde, olar Men-Rebbiň gabanjaňlyk bilen gepländigimi bilerler. «Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“». Şonuň üçin Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik et, daglara we depelere, jülgelere we derelere Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz milletleriň gyjalatyny çekendigiňiz üçin, Men gabanjaňlyk gazabymda gepledim». Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, duşmanlaryndan öç alýandyr, ýagylaryna garşy gazaplanýandyr. Çünki Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men az salymdan ýene bir gezek gögi we ýeri, deňzi we gury ýeri sarsdyraryn. Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir. Şol günleriň muşakgatynyň yz ýany Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän betbagtçylyklara garaşmakdan ýaňa huşlaryny ýitirer, sebäbi asman jisimleri lerzana geler. Şondan soň ýyldyrymlar çakdy, gümmürdäp, gök gürledi, güýçli ýertitreme boldy. Ynsanlar ýer ýüzünde ýaşap başlany bäri şeýle güýçli ýertitreme bolmandy.
Выбор основного перевода