Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ony hudaýsyz milletiň garşysyna, gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin, oňa talamagy, talanyny olja almagy, olary köçeleriň palçygy kimin aýak astyna almagy buýurdym. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Müsür ýurduny Babyl patyşasy Nebukadnesara bererin; ol onuň baýlygyny äkider, oljasyny alar we ony talar; bu onuň goşuny üçin muzd bolar. Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar.
Выбор основного перевода