Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär. Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da, olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini. Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan. Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär. Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny. Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar. Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň: Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin». Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela Turuň, asuda we howpsuz ýaşaýan halkyň üstüne hüjüm ediň. Muny Reb aýdýandyr. Olaryň ne derwezeleri, ne-de kiltleri bar, olar ýeke ýaşaýarlar. Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar. Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.
Выбор основного перевода