Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dedanlylar seniň söwdagäriňdiler; köp kenarlaryň söwda gatnaşygy seniň eliňdedi; olar senden alan harytlarynyň deregine piliň dişi we eben agajy bilen hasaplaşardylar. Şebanyň we Ragamanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler. Arslanlaryň sürenine, ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy? Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, gowaklaryny awdan, sürenlerini oljadan doldurdylar. «Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода