Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar. Onuň ýapraklary şeýle gözeldi, diýseň bolelin miwesi bardy. Ol hemmelere iýmäge ýetjekdi, ýabany haýwanlar onuň saýasynda ýatýardy, gögüň guşlary şahasynda höwürtgeleýärdi, ähli janly-jandarlar şondan iýmitlenýärdi. Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn. Ol ähli tohumlaryň içinde iň ownugydyr, emma öseninden soň welin, beýleki ösümlikleriň barysyndan belent bolup, agaja öwrülýär. Hatda guşlaram onuň şahalarynda höwürtgeläp bilýärler». Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi. Ol bir adamyň öz mellegine eken gorçisa tohumyna meňzeşdir. Ol ösüp, agaja öwrülýär, guşlaram onuň şahalarynda höwürtge ýasanýarlar» diýdi.
Выбор основного перевода