Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar. Munuň üçin onuň boýy beýleki agaçlaryň baryndan uzyndy, baldaklary güreldi; suwuň bollugyndan şahalary uzady. Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi. Aşur we onuň tutuş goşuny ol ýerde. Gylyçdan geçirilip, heläk bolan esgerleriniň gabyrlary onuň daşyny gurşap alypdyr. Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, tükenmezdir seniň talaňçylygyň! Gamçy sesi, araba tigirleriniň takyrdysy, çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy! Atly goşun hüjüm edýär, gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar. Üýşmek-üýşmek jesetler, san-sajaksyz läşler, maslyklara büdreýärler! Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy. Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, patyşalyklara aýbyňy açaryn. Üstüňe nejislik ýagdyryp, ile ryswa ederin, tomaşa öwrerin.
Выбор основного перевода