Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler: „Aýak astyna düşeliň bäri, hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“». Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar. Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň. Hökmürowan Reb Sur galasyna şeýle diýýär: «Ýykylyşyňyň gürpüldisinden, ýaralylaryň iňňildisinden, başyňdan inen elhenç mergiden kenarlardaky halklar titreşmezmi? «Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder. Faraon we onuň tutuş goşuny olary görüp, özleriniň gylyçdan geçirilen ähli goşuny üçin teselli taparlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода