Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar. Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar. Etiňi daglaryň üstüne serip, dereleri çüýrän läşiňden dolduraryn. Daglaryňy jesetden dolduraryn; gylyçdan geçirilenler seniň depeleriňde, dereleriňde we jülgeleriňde ýatarlar. Bu höküm gözegçileriň karary bilen çykdy. Bu çözgüt perişdeleriň buýrugy bilen berildi. Ähli janly-jandarlar şuny bilsin: ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär. Ol patyşalygy Öz islän adamyna berýär. Ynsanyň iň pesini onuň üstünden goýýar“. Goragçylaryň teneçirler, baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly, olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp, Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar, niredediklerini bilýän ýokdur. Eý, Aşur şasy, baştutanlaryň gözleri ýumlandyr. Tanymal adamlaryň uka gidendir, halkyň daglara dagady, olary bir ýere jemläre hiç kim ýok. Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.
Выбор основного перевода