Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady. Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Babyl patyşasy ýedi müň sany söweşijileri, müň sany hünärmentlerdir demirçi ussalary Babyla getirdi. Olaryň bary-da güýçli we urşa ukyply adamlardy. Babyl patyşasy Ýehoýakynyň ýerine agasy Matanýany patyşa edip, adyny üýtgedip, ony Sidkiýa diýip atlandyrdy. Şeýle hem Sidkiýa özüne Hudaýdan ant içiren Babyl patyşasy Nebukadnesara garşy gozgalaň turuzdy. Sidkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrülmejek bolup, boýnuýogynlyk etdi, ýüregini gatatdy. Göläniň bölekleriniň arasyndan geçen Ýahuda bilen Iýerusalim ýolbaşçylaryny, köşk emeldarlaryny, ruhanylary we ýurduň tutuş halkyny
Выбор основного перевода