Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Daş-töweregiňde düşelge guraryn, töweregiňe gabaw diňler gurup, seni gabaryn, garşyňa berkitmeler dikerin. «Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar. Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir. Onsoň ähli Müsür ilaty Meniň Rebdigimi biler. Müsür halky ysraýyl halky üçin gamyşdan hasa boldy. Ysraýyl halky senden ýapyşanda, sen döwlüp, ysraýyllaryň eginlerini ýaraladyň; saňa ýaplananlarynda, sen owranyp, billerini döwdüň“».
Выбор основного перевода