Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler. Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna – Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin. Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular. Onuň ýapraklary şeýle gözeldi, diýseň bolelin miwesi bardy. Ol hemmelere iýmäge ýetjekdi, ýabany haýwanlar onuň saýasynda ýatýardy, gögüň guşlary şahasynda höwürtgeleýärdi, ähli janly-jandarlar şondan iýmitlenýärdi. Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn. «Olaryň biwepalygyna melhem ederin. Men olary çäksiz söýerin. Çünki Meniň gazabym olardan sowuldy. Men Ysraýyla ýeriň çygy ýaly bolaryn. Ol liliýa güli ýaly açylar. Liwan kedri kimin kök urar. Ol pudak ýaýradar. Owadanlygy zeýtun agajy ýaly bolar. Liwanyň kedr agajy deýin ýakymly ys saçar. Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy bir adamyň öz melleginde eken gorçisa tohumyna meňzeýändir. Ol ähli tohumlaryň içinde iň ownugydyr, emma öseninden soň welin, beýleki ösümlikleriň barysyndan belent bolup, agaja öwrülýär. Hatda guşlaram onuň şahalarynda höwürtgeläp bilýärler».
Выбор основного перевода